-
Matta 15:32—38Mukaddes Kitap
-
-
32 Isa şägirtlerini ýanyna çagyryp: «Märeke üç günden bäri ýanymdan aýrylanok. Olara ýüregim awaýar+, iýere zatlary ýok. Olary aç goýberesim gelenok, sebäbi ýolda ysgyndan gaçarlar»+ diýdi. 33 Şägirtleri bolsa: «Uly märekäni doýurmak üçin çola ýerde çöregi nireden tapaly?»+ diýdiler. 34 Isa olardan: «Näçe çöregiňiz bar?» diýip sorady. Olar: «Ýedi çörek bilen birnäçe kiçi balygymyz bar» diýdiler. 35 Şonda Isa märekäni ýerde oturtdy. 36 Soňra ýedi çörek bilen balygy alyp, Hudaýa minnetdarlyk aýtdy-da, olary bölüşdirip, şägirtlerine berdi. Şägirtler bolsa märekä paýladylar+. 37 Hemmeler iýip doýandan soň, galan bölekleri ýygnadylar. Şonda ýedi uly sebet doldy+. 38 Aýallary we çagalary hasaba almanyňda, iýenleriň sany 4 000 adamdy.
-