-
Matta 16:5—12Mukaddes Kitap
-
-
5 Şägirtler deňziň beýleki kenaryna geçdiler, ýöne çörek almagy ýatdan çykarypdylar+. 6 Isa: «Hüşgär boluň, fariseýleriň we saddukeýleriň hamyrmaýasyndan ägä boluň»+ diýdi. 7 Şägirtler öz arasynda: «Çörek almandygymyz üçin aýdýarmyka?» diýişdiler. 8 Isa muny bilip: «Eý imany azlar, siz näme üçin çörek almadyk diýişýärsiňiz? 9 Siz henizem düşünmediňizmi? Eýsem bäş çörek bilen 5 000 adamyň doýandygyny, soňra näçe sebet çörek galandygyny unutdyňyzmy?+ 10 Onsoňam, ýedi çörek bilen 4 000 adam doýupdy. Şonda näçe uly sebet çörek galandygyny ýatdan çykardyňyzmy?+ 11 Size çörek hakda aýtmandygyma düşünmediňizmi? Siz fariseýleriň we saddukeýleriň hamyrmaýasyndan ägä boluň»+ diýdi. 12 Şonda şägirtler hamyrmaýadan däl-de, fariseýleriň we saddukeýleriň taglymatyndan ägä bolmalydygyna düşündiler.
-