10 Soňra Isa şeýle diýdi: «Millet millete+, patyşalyk patyşalyga garşy çykar+. 11 Güýçli ýertitremeler, käbir ýerlerde açlyk we gyrgynçylyk bolar+. Adamlar gorkunç zatlary we gökde uly alamatlary görerler.
6 Dört perişdäniň arasyndan: «Bir golça* bugdaý bir teňňedir*+, üç golça arpa hem bir teňňedir. Ýöne zeýtun ýagy bilen şeraba zyýan ýetirme»+ diýen ses eşitdim.
8 Ine, görsem, çal at çykdy. Onuň üstünde oturanyň ady Ölümdi. Mazar* hem onuň yzyndady. Olara ýer ýüzüniň dörtden bir bölegini uzyn gylyç, açlyk+, ölüm howply kesel we wagşy haýwanlar bilen öldürmek+ ygtyýary berildi.