36 Soňra Isa olar bilen Getseman bagyna geldi+. Ol şägirtlerine: «Doga edip gelýänçäm, şu ýerde oturyň»+ diýdi. 37 Isa ýany bilen Petrusy we Zebedeýiň iki ogluny alyp gitdi. Ol gaýgy-gama batyp, juda hasrat çekýärdi+.
39 Isa hemişekisi ýaly Zeýtun dagyna gitdi+. Şägirtleri hem onuň bilen gitdiler. 40 Ol ýere baranlarynda, Isa: «Synaga düşmez ýaly doga ediň»+ diýdi. 41 Özi bolsa birnäçe ädim öňe ýöräp, dyza çöküp doga edip başlady: