-
Matta 27:11—14Mukaddes Kitap
-
-
11 Isa hökümdaryň öňünde durdy. Pilatus: «Sen ýehudylaryň Patyşasymy?» diýip sorady. Isa: «Aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi+. 12 Emma uly ruhanylar we ýaşulular Isany günäkärlände, ol hiç zat jogap bermedi+. 13 Pilatus: «Olaryň seni nämede günäkärleýändigini eşideňokmy?» diýdi. 14 Isa şonda-da hiç zat jogap bermedi. Hökümdar muňa diýseň geň galdy.
-