-
Matta 27:33—37Mukaddes Kitap
-
-
33 Olar Galgota, ýagny Kelleçanak diýlen ýere gelenlerinde+, 34 Isa ajy şerap berdiler+. Emma Isa dadyp gördi-de, içmedi. 35 Isany pürse çüýläp, eşiklerini paýlaşmak üçin bije atdylar+. 36 Soňra ony garawullap oturdylar. 37 Olar Isa ýöňkelýän günäni tagtanyň ýüzüne ýazyp, pürsüň ýokarsyna çüýlediler. Onda şeýle ýazylgydy: «Isa — ýehudylaryň Patyşasy»+.
-