-
Matta 9:16, 17Mukaddes Kitap
-
-
16 Hiç kim köne dona täze matadan ýama salmaýar, sebäbi täze mata girip, donuň ýyrtygyny has-da ulaldar+. 17 Hiç kim täze şeraby köne meşiklere* guýmaýar. Eger guýaýsa, onda meşikler ýyrtylyp, şerap döküler, meşikler hem zaýalanar. Adamlar täze şeraby täze meşiklere guýýarlar, şonda olaryň ikisi-de zaýalanmaýar».
-
-
Luka 5:36—38Mukaddes Kitap
-
-
36 Isa olara şeýle mysal getirdi: «Hiç kim täze dondan gyrkyp alyp, köne dona ýama salmaz. Eger şeýle etse, onda täze ýama köne dony ýyrtar. Täze dondan alnan ýama köne dona gelişmez+. 37 Şeýle-de hiç kim täze şeraby köne meşiklere guýmaýar. Eger guýaýsa, meşikler ýyrtylyp, şerap döküler, meşikler hem zaýalanar. 38 Adamlar täze şeraby täze meşiklere guýýarlar.
-