-
Matta 12:9—14Mukaddes Kitap
-
-
9 Isa ol ýerden gaýdyp, sinagoga bardy. 10 Şol sinagogada eli ysmaz* adamy gördi+. Fariseýler Isany aýyplajak bolup: «Kanun boýunça Sabat güni syrkawy sagaltsa bolýarmy?»+ diýip soradylar. 11 Isa: «Aýdaly, siziň ýekeje goýnuňyz bar. Ol Sabat güni çukura gaçsa, çykarmazdyňyzmy?+ 12 Eýsem adam goýundan gymmatly dälmi? Şonuň üçin Sabat güni ýagşylyk etseň, kanuny bozmaýarsyň» diýdi. 13 Soňra Isa ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol uzadan badyna, eli sagaldy. 14 Fariseýler daşary çykyp, Isany öldürmek üçin dil düwüşdiler.
-
-
Luka 6:6—11Mukaddes Kitap
-
-
6 Başga bir Sabat güni+ Isa sinagoga baryp, adamlara öwredip başlady. Ol sag eli ysmaz* adamy gördi+. 7 Kanunçylar we fariseýler Isany günäkärlemek isleýärdiler. Olar Sabat güni ysmaz adamy sagaldarmyka diýip, Isadan gözüni aýyrman seredýärdiler. 8 Isa olaryň pikirini bilip+, eli ysmaz* adama: «Tur, orta çyk!» diýdi. Ol ýerinden turup, Isanyň ýanyna baryp durdy. 9 Isa olara: «Size soragym bar, Sabat güni ýagşylyk etmek dogrumy ýa-da ýamanlyk? Adamy halas etmek dogrumy ýa-da öldürmek?»+ diýdi. 10 Isa töweregindäkilere seredip, ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol uzadan badyna, eli sagaldy. 11 Olar gahar-gazaba münüp, Isa ýamanlyk etmegiň küýüne düşdüler.
-