-
Matta 3:7—10Mukaddes Kitap
-
-
7 Ýahýa suwa çümdürilmäge gelýän ençeme fariseýlere* we saddukeýlere*+ şeýle diýdi: «Eý alahöwrenler nesli!+ Ýetip gelýän höküm gününden gaçyp gutularyn öýdýäňizmi?+ 8 Toba edýäniňizi iş ýüzünde görkeziň. 9 „Biz Ybraýymyň nesli“+ diýmäň. Hudaý Ybraýyma daşlardan hem nesil döredip biler. 10 Palta agajyň aşagynda dur. Gowy miwe bermeýän agaç çapylyp, oda taşlanar+.
-