-
Markus 1:23—28Mukaddes Kitap
-
-
23 Şol wagt sinagogada jynly adam bardy. Ol gygyryp: 24 «Eý nazaretli Isa, biziň bilen näme işiň bar?+ Bizi ýok etmäge geldiňmi? Men bilýän, sen Hudaýyň Mukaddesi!»+ diýdi. 25 Isa jyna käýäp: «Kes sesiňi, onuň içinden çyk!» diýdi. 26 Jyn adamy titredip, gygyrdyp çykyp gitdi. 27 Adamlar muňa haýran galyp, biri-birine: «Bäh, ol täze zat öwredýärmi? Ol hatda jynlara-da buýruk berýär, olar hem gulak asýar» diýişdiler. 28 Tizden Isa hakdaky gürrüň Jeliläniň ähli ýerlerine ýaýrady.
-