-
Markus 1:40—45Mukaddes Kitap
-
-
40 Isanyň ýanyna heýwere* keselli adam geldi. Ol dyza çökdi-de, ýalbaryp: «Sen isleseň, meni sagaldyp bilersiň» diýdi+. 41 Isanyň ýüregi awap, elini degirdi-de: «Elbetde, isleýärin!» diýdi+. 42 Ol adam şol bada heýwere keselinden sagalyp, tämiz boldy. 43 Isa oňa berk tabşyryp: 44 «Muny hiç kime aýdaýma, ýöne baryp, ruhana görün. Musanyň tämizlenmek baradaky tabşyrygyna görä, gurbanlyk ber+. Goý, ruhanylar sagalandygyňy görsün»+ diýdi. 45 Emma ol Isanyň ýanyndan gaýdyp, bolan zatlary hemmelere gürrüň berdi. Waka ähli ýere ýaýrapdy, şonuň üçin Isa şähere arkaýyn girip bilmän, çola ýerlerde bolýardy. Şonda-da ýanyna ähli ýerlerden adamlar gelýärdi+.
-