-
Matta 9:10—13Mukaddes Kitap
-
-
10 Soňra Isa şägirtleri bilen Mattanyň öýüne myhmançylyga bardy. Olar nahar iýip otyrka*, ençeme salgytçylar we günäkärler gelip, saçak başyna geçdiler*+. 11 Fariseýler olary görüp, Isanyň şägirtlerine: «Mugallymyňyz näme üçin salgytçylar we günäkärler bilen nahar iýýär?»+ diýdiler. 12 Isa muny eşidip: «Lukman sag adama däl, syrkawa gerek+. 13 Baryň, ilki: „Men gurbanlyk däl, rehimdarlyk isleýärin“+ diýen sözleriň manysyna düşüniň. Men hudaýhon* adamlary däl, günäkärleri çagyrmaga geldim» diýdi.
-
-
Markus 2:15—17Mukaddes Kitap
-
-
15 Isa şägirtleri bilen Lewiniň öýünde nahar iýip otyrka*, ençeme salgytçylar we günäkärler gelip, saçak başyna geçdiler. Olaryň köpüsi Isanyň şägirdi boldy+. 16 Kanunçylar we fariseýler* Isanyň günäkärler hem-de salgytçylar bilen saçak başynda oturandygyny görüp, şägirtlerine: «Mugallymyňyz näme üçin salgytçylar we günäkärler bilen nahar iýýär?» diýdiler. 17 Isa muny eşidip: «Lukman sagdyn adama däl, syrkawa gerek. Men hudaýhon* adamlary däl, günäkärleri çagyrmaga geldim»+ diýdi.
-