-
Matta 13:18—23Mukaddes Kitap
-
-
18 Indi daýhan baradaky mysalyň manysyny düşündireýin*+. 19 Patyşalyk baradaky habary eşitse-de, düşünmeýän adamyň ýanyna Şeýtan*+ gelip, ýüreginde ekilen tohumy sogrup alýar. Ol ýoluň gyrasyna düşen tohumdyr+. 20 Patyşalyk baradaky habary eşidip, şatlyk bilen kabul edýän adam daşlyk topraga düşen tohumdyr+. 21 Emma ol biraz össe-de, ýüreginde kök urmaýar. Hoş habar sebäpli kynçylyk görse ýa-da yzarlansa, şol bada imany gowşaýar. 22 Ýandaklaryň arasyna düşen tohum Patyşalyk baradaky habary eşitse-de, durmuşyň* gaýgy-aladasyna basylýan+ we baýlygyň* yşkyna düşýän adamdyr. Şol zatlar adamy bogýar, indi ol hasyl bermeýär+. 23 Patyşalyk baradaky habary eşidip, manysyna düşünýän adam mes topraga düşen tohumdyr. Şeýle tohumlar ösüp, käbiri 100, käbiri 60, käbiri 30 esse hasyl berýär»+.
-
-
Markus 4:14—20Mukaddes Kitap
-
-
14 Daýhanyň sepýän tohumy Hudaýyň sözüdir+. 15 Ýoluň gyrasyna düşen tohumlar sözi eşiden adamlara meňzeýär. Olar sözi eşiden badyna, Şeýtan gelip+, ýüreklerine ekilen sözi sogrup alýar+. 16 Daşlyk topraga düşen tohumlar bolsa sözi eşiden badyna, ony şatlyk bilen kabul edýän adamlardyr+. 17 Tohum olaryň ýüreginde kök urmansoň, az wagtlyk iman edýärler. Hudaýyň sözi sebäpli kynçylyklara ýa-da yzarlamalara duşanlarynda, imandan dänýärler. 18 Ýandaklaryň arasyna düşen tohumlar bolsa sözi eşitse-de+, 19 durmuşyň* gaýgy-aladasyna basylýan+, baýlygyň* yşkyna düşýän+ we her hili höweslere ýüregini berýän+ adamlardyr. Şol zatlar sözi bogup, hasyl bermeýär. 20 Emma mes topraga düşen tohumlar Hudaýyň sözüni eşidip, höwes bilen kabul edýän adamlardyr. Olaryň käbiri 30, käbiri 60, käbiri bolsa 100 esse hasyl berýär»+.
-