-
Matta 8:30—34Mukaddes Kitap
-
-
30 Mazarçylykdan uzagrakda doňuz sürüsini bakyp ýördüler+. 31 Jynlar Isa: «Eger bizi kowjak bolsaň, doňuz sürüsine kowaý»+ diýip ýalbardylar. 32 Isa: «Baryň!» diýdi. Jynlar iki adamdan çykyp, doňuzlaryň içine girdi. Şonda doňuzlar dazyrdaşyp, uçut gaýadan deňze böküp gark boldular. 33 Çopanlar bolsa şähere gaçyp gitdiler. Olar bolan wakany hemmelere gürrüň berdiler. 34 Şonda şäheriň ilaty Isanyň öňünden çykyp, başga ýere gitmegi haýyş etdiler+.
-
-
Markus 5:11—17Mukaddes Kitap
-
-
11 Şol ýerdäki baýyrda doňuz+ sürüsini bakýardylar+. 12 Jynlar Isa: «Bizi şol doňuzlara kow, olaryň içine gireli» diýip ýalbardylar. 13 Isa olara rugsat berdi. Jynlar hem çykyp, doňuzlaryň içine girdiler, şonda 2 000-e golaý doňuz dazyrdaşyp, uçut gaýadan deňze böküp gark boldular. 14 Çopanlar bolsa şähere we obalara gaçyp gitdiler-de, bolan zatlary adamlara gürrüň berdiler. Olar hem ähli zady gözi bilen görmäge geldiler+. 15 Olar Isanyň ýanyna gelende, içinde birgiden jyn bolan adamyň egin-eşikli oturandygyny, akyl-huşunyň ýerindedigini görüp, juda gorkdular. 16 Şonda olara jynly adam we doňuzlar bilen näme bolandygyny görenler ähli zady gürrüň berdiler. 17 Olar Isa ýalbaryp, başga ýere gitmegi haýyş etdiler+.
-