-
Matta 16:13—16Mukaddes Kitap
-
-
13 Isa Kaýsariýa-Filipä baranda, şägirtlerinden: «Adamlar Ynsan ogluna kim diýýärler?»+ diýip sorady. 14 Olar şeýle diýdiler: «Käbiri suwa çümdürýän Ýahýa+, käbiri bolsa Ylýas+, başgalary Ýermeýa ýa-da pygamberleriň biridir diýýärler». 15 Isa olardan: «Siz maňa kim diýýärsiňiz?» diýip sorady. 16 Şonda Simun Petrus: «Sen Biribaryň Ogly+, Mesih!»+ diýip jogap berdi.
-
-
Markus 8:27—30Mukaddes Kitap
-
-
27 Isa şägirtleri bilen Kaýsariýa-Filipi obalaryna barýarka, olardan: «Adamlar maňa kim diýýär?»+ diýip sorady. 28 Olar: «Suwa çümdürýän Ýahýa+, käbiri Ylýas+, käbiri bolsa pygamberleriň biridir diýýärler» diýip jogap berdiler. 29 Ol: «Siz maňa kim diýýärsiňiz?» diýip sorady. Petrus: «Sen Mesih»+ diýip jogap berdi. 30 Şonda Isa olara Mesihdigini hiç kime aýtmazlygy berk tabşyrdy+.
-