Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Matta 17:17, 18
    Mukaddes Kitap
    • 17 Isa: «Eý imansyz we azgyn nesil!+ Men haçana çenli siziň bilen bolmaly? Haçana çenli size çydamaly? Oglany ýanyma getiriň» diýdi. 18 Isa jyna käýedi welin, ol oglandan çykyp gitdi. Oglan şol bada sagaldy+.

  • Markus 9:19—27
    Mukaddes Kitap
    • 19 Isa: «Eý imansyz nesil!+ Men haçana çenli siziň bilen bolmaly? Haçana çenli size çydamaly? Oglany ýanyma getiriň»+ diýdi. 20 Olar oglany Isanyň ýanyna getirdiler. Jyn Isany gören badyna, oglanyň tutgaýyny tutdurdy. Oglan ýykylyp, iki ýana urundy we agzy köpürjikläp başlady. 21 Isa onuň kakasyndan: «Ogluň haçandan bäri ejir çekýär?» diýip sorady. Ol: «Çagalygyndan bäri. 22 Jyn ony käte oda, käte suwa urup öldürjek bolýar. Bize rehim et, ony sagaldyp bilýän bolsaň, kömek et» diýdi. 23 Isa oňa: «Näme üçin „sagaldyp bilýän bolsaň“ diýýärsiň? Iman edýän üçin ähli zat mümkindir»+ diýdi. 24 Oglanyň kakasy şol bada gygyryp: «Iman edýärin! Eger imanym gowşak bolsa, ony berkit»+ diýdi.

      25 Isa adamlaryň ylgaşyp gelýänini görüp, jyna käýedi. Ol: «Eý lal we ker edýän jyn! Saňa buýurýaryn, oglandan çyk⁠-⁠da, gaýdyp girme»+ diýdi. 26 Jyn oglanyň tutgaýyny tutduryp, gygyryp içinden çykdy. Oglan ýerde öli ýaly ýatyrdy. Adamlaryň köpüsi: «Oglan öldi!» diýişdiler. 27 Isa oglanyň elinden tutup ýerinden galdyrdy. Oglan ýerinden turdy.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş