-
Matta 12:38—42Mukaddes Kitap
-
-
38 Soňra käbir kanunçylar we fariseýler: «Mugallym, bize alamat görkez»+ diýdiler. 39 Isa olara şeýle jogap berdi: «Zalym we biwepa* nesil hemişe alamat isleýär. Emma olar Ýunus pygamberiň alamatyndan başga alamat görmez+. 40 Ýunusyň üç gije-gündiz uly balygyň garnynda bolşy ýaly+, Ynsan ogly-da üç gije-gündiz mazaryň içinde bolar+. 41 Kyýamat güni* Ninewiýanyň halky şu nesil bilen direlip, olary utandyrar*, sebäbi Ýunus pygamber wagyz edende, olar toba edipdiler+. Emma bärde Ýunusdan-da beýik biri dur+. 42 Kyýamat güni* Gündogaryň aýal patyşasy şu nesil bilen direlip, olary utandyrar*. Sebäbi ol Süleýmanyň paýhasly sözlerini diňlemek üçin ýeriň aňry ujundan gelipdi+. Emma bärde Süleýmandan-da beýik biri dur+.
-