-
Filipililer 3:12—14Mukaddes Kitap
-
-
12 Ýöne men sylagymy aldym ýa-da kämillige ýetdim diýjek bolmaýaryn. Gaýtam Isa Mesih meni näme etmäge saýlan bolsa+, şoňa ýetjek bolup jan edýärin+. 13 Doganlar, men sylagymy eýýäm alandyryn öýtmeýärin. Ýöne bir zady anyk bilýärin: yzda galan zatlary unudyp+, öňdäki zatlary almaga jan edýärin+. 14 Men Hudaýyň Isa Mesih arkaly berjek sylagyny+, ýagny gökdäki ýaşaýşy almak üçin ylgaýaryn+.
-
-
1 Timoteos 6:12Mukaddes Kitap
-
-
12 Imanyň üçin gaýduwsyz göreş, ebedi ýaşaýşa berk ýapyş. Hudaý seni ebedi ýaşaýşy almaga çagyrdy, sebäbi ol hakda köp adamlara wagyz etdiň.
-