-
Matta 19:13—15Mukaddes Kitap
-
-
13 Adamlar Isanyň ýanyna çagalaryny getirip, olara elini goýmagy we çagalary üçin doga etmegi haýyş etjek boldular, emma şägirtleri olara käýedi+. 14 Isa bolsa: «Çagalary saklamaň, goý, ýanyma gelsinler. Gökdäki Patyşalyk çagalar ýaly adamlaryňkydyr»+ diýdi. 15 Isa olara elini goýup, ak pata berdi, soňra başga ýere gitdi.
-
-
Markus 10:13—16Mukaddes Kitap
-
-
13 Adamlar çagalaryny Isanyň ýanyna getirip, olara elini goýmagyny haýyş etjek boldular, emma şägirtleri olara käýediler+. 14 Isa muny görende, şägirtlerine gahary gelip: «Çagalary saklamaň, goý, ýanyma gelsinler. Olara degmäň, sebäbi Hudaýyň Patyşalygy çagalar ýaly adamlaryňkydyr+. 15 Size hakykaty aýdýaryn, Hudaýyň Patyşalygyny çaga ýaly kabul etmeseňiz, oňa asla girip bilmersiňiz»+ diýdi. 16 Soňra ol çagalary gujaklap, olara elini goýup ak pata berdi+.
-