Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Matta 19:16—22
    Mukaddes Kitap
    • 16 Soňra Isanyň ýanyna bir ýigit gelip: «Mugallym, ebedi ýaşamak üçin men näme ýagşylyk etmeli?»+ diýip sorady. 17 Isa: «Menden: „Näme ýagşylyk etmeli?“ diýip näme üçin soraýarsyň? Nämäniň ýagşydygyny Hudaý aýdypdy*+. Ebedi ýaşamak isleseň, tabşyryklaryny berjaý et»+ diýip jogap berdi. 18 Ol: «Haýsy tabşyryklary?» diýip sorady. Isa: «Adam öldürme+, zyna etme+, ogurlyk etme+, ýalan şaýatlyk etme+, 19 ene-ataňa hormat goý+ we ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý»+ diýdi. 20 Ýigit bolsa: «Men olaryň ählisini berjaý edýärin. Men ýene näme etmeli?» diýip sorady. 21 Isa: «Eger kämil bolaýyn diýseň*, ähli zadyňy sat-da, garyplara paýla. Şonda gökde baýlygyň bolar+. Soňra gel-de, meniň şägirdim bol»+ diýdi. 22 Ýigit muny eşidende, tukat bolup öýüne gaýtdy, sebäbi mal-mülki köpdi+.

  • Markus 10:17—22
    Mukaddes Kitap
    • 17 Isa ol ýerden gaýdyp barýarka, bir adam ylgap geldi⁠-⁠de, dyza çöküp: «Ýagşy Mugallym, ebedi ýaşaýşy miras almak üçin näme etmeli?»+ diýip sorady. 18 Isa oňa: «Näme üçin maňa ýagşy diýýärsiň? Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir+. 19 Sen: „Adam öldürme+, zyna etme+, ogurlyk etme+, ýalan şaýatlyk etme+, aldama+, ene⁠-⁠ataňa hormat goý“+ diýen tabşyryklary bilýänsiň» diýdi. 20 Ol: «Mugallym, men olaryň ählisini çagalygymdan bäri berjaý edýärin» diýdi. 21 Ol Isanyň göwnünden turdy, şonuň üçin oňa mähirli seredip: «Saňa birje zat ýetenok. Bar, ähli zadyňy sat⁠-⁠da, garyplara paýla, şonda gökde baýlygyň bolar. Soňra gel⁠-⁠de, şägirdim bol»+ diýdi. 22 Ol muňa gynanyp, tukat bolup gitdi, sebäbi mal⁠-⁠mülki köpdi+.

  • Luka 10:25—28
    Mukaddes Kitap
    • 25 Şonda Töwradyň mugallymy Isany synamak üçin: «Mugallym, ebedi ýaşaýşy miras almak üçin näme etmeli?»+ diýip sorady. 26 Isa: «Töwratda näme ýazylgy? Okan zatlaryňa nähili düşündiň?» diýdi. 27 Ol: «„Ýehowa* Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň*, bütin güýjüň we bütin aň⁠-⁠düşünjäň bilen söý“+. Şeýle⁠-⁠de: „Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý“+ diýilýär» diýip jogap berdi. 28 Isa: «Dogry aýtdyň, olary berjaý etseň, ebedi ýaşaýşy miras alarsyň»+ diýdi.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş