Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Matta 20:29—34
    Mukaddes Kitap
    • 29 Isa şägirtleri bilen Ýerihondan çykyp barýarka, uly märeke yzyna düşdi. 30 Ýoluň ugrunda oturan iki kör adam Isanyň geçip barýandygyny eşidip: «Agam, Dawut Ogly, bize rehim et!»+ diýip gygyrdy. 31 Märeke olara käýäp, dymyp oturmagy tabşyrdy, ýöne olar: «Agam, Dawut Ogly, bize rehim et!» diýip, öňküdenem beter gygyrdylar. 32 Isa aýak çekip, olary çagyrdy-da: «Size näme kömek edeýin?» diýip sorady. 33 Olar: «Agam, gözlerimizi açaý!» diýdiler. 34 Isanyň haýpy gelip, olaryň gözlerine elini degrende+, şol bada gözleri açyldy. Olar hem Isanyň yzyna düşdüler.

  • Markus 10:46—52
    Mukaddes Kitap
    • 46 Soňra olar Ýerihona geldiler. Isa bilen şägirtleri we märeke Ýerihondan çykyp gelýärkäler, ýoluň gyrasynda dilegçilik edip oturan Bartymaý (Tymaýyň ogly) atly kör adamy gördüler+. 47 Ol nazaretli Isanyň geçip barýandygyny eşidende: «Dawut Ogly+, maňa rehim et!»+ diýip gygyryp başlady. 48 Şonda adamlar oňa käýäp, dymyp oturmagy tabşyrdylar. Emma ol: «Dawut Ogly, maňa rehim et!» diýip, öňküdenem beter gygyrdy. 49 Isa aýak çekip: «Kör adamy ýanyma çagyryň» diýdi. Olar kör adamy çagyryp: «Tur, gorkma! Ol seni çagyrýar» diýdiler. 50 Ol donuny çykaryp zyňdy⁠-⁠da, ýerinden galyp, Isanyň ýanyna bardy. 51 Isa: «Saňa näme kömek edeýin?» diýdi. Kör adam: «Mugallym*, gözlerimi açaý!» diýdi. 52 Isa: «Seni imanyň sagaltdy, gaýdyber»+ diýdi. Şol bada körüň gözi açylyp+, Isanyň yzyna düşüp gitdi.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş