22 Soňra iki batman kümüş alan gul hem gazanan iki batmanyny getirip: „Hojaýyn, beren iki batman kümşüň üstüne ýene iki batman kümüş gazandym“+ diýdi. 23 Hojaýyn: „Berekella, wepaly hem ýagşy gul! Sen az zatda wepaly bolduň, şonuň üçin saňa köp zady ynanaryn. Gel, meniň şatlygyma goşul!“ diýdi.