Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Matta 21:23—27
    Mukaddes Kitap
    • 23 Isa ybadathana gelip, adamlara öwredip durka, uly ruhanylar bilen halkyň ýaşululary: «Sen bulary kimiň güýji bilen edýärsiň? Kim saňa ygtyýar berdi?»+ diýip soradylar. 24 Isa: «Mende-de bir sorag bar. Eger jogap berip bilseňiz, muny kimiň ygtyýary bilen edýändigimi aýdaýyn: 25 Ýahýa suwa çümdürmäge kim ygtyýar berdi? Hudaýmy ýa-da adamlar?*» diýip sorady. Şonda olar öz aralarynda şeýle diýişdiler: «Eger Hudaý* diýsek, „Onda näme üçin oňa ynanmadyňyz?“+ diýer. 26 Emma adamlar diýmäge-de gorkýarys, sebäbi halk Ýahýany pygamber hasaplaýar». 27 Olar Isa: «Bilemizok» diýip jogap berdiler. Isa hem: «Onda menem kimiň ygtyýary bilen edýändigimi aýtjak däl» diýdi.

  • Markus 11:27—33
    Mukaddes Kitap
    • 27 Olar ýene⁠-⁠de Iýerusalime geldiler. Isa ybadathanadaka, uly ruhanylar, kanunçylar we ýaşulular gelip: 28 «Sen bulary kimiň güýji bilen edýärsiň? Kim saňa ygtyýar berdi?»+ diýdiler. 29 Isa: «Mende⁠-⁠de bir sorag bar. Jogap berip bilseňiz, muny kimiň ygtyýary bilen edýändigimi aýdaýyn. 30 Ýahýa+ suwa çümdürmäge kim ygtyýar berdi? Hudaýmy ýa⁠-⁠da adamlar?*+ Hany, jogap beriň» diýdi. 31 Şonda olar öz aralarynda şeýle diýişdiler: «Eger Hudaý* diýsek, „Onda näme üçin oňa ynanmadyňyz?“ diýer. 32 Emma adamlar diýmäge⁠-⁠de gorkýarys». Sebäbi adamlar Ýahýany pygamber hasaplaýardy+. 33 Şonuň üçin olar Isa: «Bilemizok» diýip jogap berdiler. Isa hem: «Onda menem kimiň ygtyýary bilen edýändigimi aýtjak däl» diýdi.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş