26 Mesih 62 hepdeden soň öldüriler+, ol hiç zatsyz galar+.
Baştutan goşuny bilen gelip, şäheri we mukaddes ýeri weýran eder+. Ol sil alan ýere meňzär. Ol ýer ýok edilýänçä uruşlar bolar, Hudaýyň karary bilen şäher haraba döner+.
37 Eý Iýerusalim, pygamberleri öldürýän we Hudaýyň iberen adamlaryny daşlaýan Iýerusalim!+ Towugyň jüýjelerini ganatynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, men hem çagalaryňy ençeme gezek ýygnajak boldum, ýöne sen islemediň+. 38 Indi Hudaý seniň öýüňi taşlap gider*+.
15 Danyýar pygamberiň aýdan weýrançylyk getirýän ýigrenji zadynyň mukaddes ýerde durandygyny göreniňizde+ (muny okaýan düşünjek bolsun), 16 Ýahudadakylar daglara gaçsyn+.