Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Matta 26:47—50
    Mukaddes Kitap
    • 47 Isa entek sözüni tamamlamanka, 12 resulyň biri Iuda geldi. Onuň ýanynda eli gylyçly we taýakly märeke bardy. Olary uly ruhanylar we halkyň ýaşululary iberipdi+.

      48 Dönüklik eden şägirt adamlara: «Men kimi ogşasam, ol Isadyr, derrew tutuň» diýip, öňünden aýdypdy. 49 Soňra ol göni Isanyň ýanyna baryp: «Salam, Mugallym!*» diýip, ony mähirli ogşady. 50 Isa oňa: «Sen näme üçin geldiň?»+ diýdi. Şonda adamlar Isany tussag etdiler.

  • Markus 14:43—46
    Mukaddes Kitap
    • 43 Isa entek sözüni tamamlamanka, 12 resulyň biri Iuda geldi. Onuň ýanynda eli gylyçly, taýakly adamlar bardy. Olary uly ruhanylar, kanunçylar we ýaşulular iberipdi+. 44 Dönüklik eden şägirt adamlara: «Men kimi ogşasam, ol Isadyr. Derrew tutup alyp gidiň, ýöne seresap boluň, gaçaýmasyn» diýip, öňünden aýdypdy. 45 Soňra ol göni Isanyň ýanyna baryp: «Mugallym!*» diýip, ony mähirli ogşady. 46 Şonda adamlar Isany tussag etdiler.

  • Ýahýa 18:2, 3
    Mukaddes Kitap
    • 2 Isa dönüklik eden Iuda hem şol ýeri bilýärdi, sebäbi Isa şägirtleri bilen köplenç şol baga barýardy. 3 Şonda Iuda uly ruhanylaryň, fariseýleriň iberen birtopar esgerlerini we serkerdelerini şol ýere alyp geldi. Olaryň elinde otly taýak, çyra we ýarag bardy+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş