-
Matta 27:22—26Mukaddes Kitap
-
-
22 Pilatus: «Onda Mesih diýilýän Isany näme edeýin?» diýip sorady. Olar biragyzdan: «Pürse çüýle!» diýip gygyrdylar+. 23 Hökümdar: «Näme üçin? Ol näme ýamanlyk etdi?» diýdi. Olar bolsa: «Pürse çüýle!» diýip, öňküdenem beter gygyryşdylar+.
24 Pilatus eden tagallasynyň başa barmandygyna düşündi we goh-galmagalyň güýjeýändigini görüp, suw getirtdi. Soňra adamlaryň öňünde elini ýuwup: «Men-ä bigünä adamyň ganyna galýan däldirin. Muňa siz günäkär» diýdi. 25 Şonda märeke: «Onuň ölümine özümiz hem çagalarymyz jogap berer» diýdiler+. 26 Pilatus Barabbasy boşatdy, Isany bolsa gamçyladyp+, pürse çüýletmäge iberdi+.
-
-
Markus 15:12—15Mukaddes Kitap
-
-
12 Pilatus ýene-de halkdan: «Onda ýehudylaryň Patyşasy diýilýän adamy näme edeýin?» diýip sorady+. 13 Olar ýene-de: «Pürse çüýle!»+ diýip gygyrdylar. 14 Pilatus: «Näme üçin? Ol näme ýamanlyk etdi?» diýdi. Olar bolsa: «Pürse çüýle!» diýip, öňküden hem beter gygyryşdylar+. 15 Pilatus märekä ýaranjak bolup, Barabbasy boşatdy, Isany bolsa gamçyladyp, pürse çüýletmäge iberdi+.
-