4Petrus bilen Ýahýa adamlara gürrüň berip durka, ybadathananyň gözegçisi, ruhanylar we saddukeýler+ geldiler. 2 Olar resullaryň halka Hudaýyň sözüni öwredýändigine we Isanyň direlendigi hakda aç-açan gürrüň berýändiklerine gaharlandylar+.
27 Resullary Mejlisiň öňüne getirenlerinde, baş ruhany olary sorag edip: 28 «Şol adamyň ady bilen öwretmäň diýipdik+. Siz bolsa taglymatyňyz bilen bütin Iýerusalimi doldurdyňyz. Onuň ganyny hem biziň boýnumyza atjak bolýarsyňyz»+ diýdi.