-
2 Patyşalar 4:32—34Mukaddes Kitap
-
-
32 Alyşa öýe girip görse, ölen oglanjyk onuň düşeginde ýatan eken+. 33 Alyşa ýeke özi otaga girip, gapyny ýapdy-da, Ýehowa doga edip başlady+. 34 Soňra düşekde ýatan çaganyň ýanyna baryp egildi-de, agzyny agzyna, gözüni gözüne, elini eline goýup, oglanyň üstünde ýazylyp ýatdy. Şonda çaganyň bedeni ýylap başlady+.
-