16 Hudaý adamlary* şeýle güýçli söýýär welin, olar üçin ýeke-täk Ogluny berdi+, sebäbi Hudaý Ogluna iman eden her bir adamyň heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşmagyny isleýär+.
19 Isa olara şeýle jogap berdi: «Size hakykaty aýdýaryn, Ogul hiç zady öz-özünden etmeýär, ol diňe Atasyndan öwrenýän zatlaryny edýär+. Atasy näme etse, Ogly hem şony edýändir.
30 Men hiç zady öz-özümden etmeýärin, diňe Atamyň aýdanlaryna görä höküm edýärin, adalatly höküm çykarýandyryn+. Sebäbi öz islegimi däl-de, meni iberen Atamyň islegini berjaý etmek isleýärin+.