26 Emma siz beýle etmeli däl+. Araňyzda uly bolmak isleýän beýlekilere hyzmat etmeli+. 27 Araňyzda uly wezipäni eýelemek isleýän beýlekileriň guly bolmaly+.
48 «Meniň hatyrama kim şeýle çagany kabul etse, meni kabul edýändir. Meni kabul edýän bolsa diňe meni däl, meni Ibereni-de kabul edýändir+. Araňyzda kim özüni peseltse, ol beýik bolar»+ diýdi.
5 Ýaşlar, siz hem ululara* tabyn boluň+. Ýöne hemmäňiz pesgöwünli boluň*, sebäbi Hudaý tekepbirlere garşy çykýar, pesgöwünlilere bolsa ýagşylyk edýär+.