-
Resullar 22:6—11Mukaddes Kitap
-
-
6 Men ýol söküp, günortan çagy Damasga golaýlanymda, birdenkä gökden güýçli ýagtylyk düşdi+. 7 Men ýere ýüzin ýykylanymda: „Sawul, Sawul, meni näme üçin yzarlaýaň?“ diýen ses eşitdim. 8 Men: „Agam, sen kim?“ diýip soradym. Ol: „Men seniň yzarlaýan nazaretli Isaň“ diýdi. 9 Meniň ýanymdakylar ýagtylygy görseler-de, meniň bilen gepleşýäniň sesini eşitmediler. 10 Men: „Agam, men näme etmeli?“ diýdim. Ol: „Tur, Damasga git. Näme etmelidigiňi aýdarlar“+ diýdi. 11 Men güýçli ýagtylyk sebäpli kör boldum. Şonuň üçin ýanymdakylar elimden tutup, Damasga eltdiler.
-
-
Resullar 26:13—18Mukaddes Kitap
-
-
13 Siziň alyhezretleriňiz, ýolda barýarkam, gündiziň günortany gökden gün şöhlesindenem güýçli ýagtylyk düşüp, daş-töweregimizi ýagtyltdy+. 14 Ählimiz ýere ýykyldyk, şonda men ýewreý dilinde: „Sawul, Sawul, meni näme üçin yzarlaýaň? Sen çopanyň taýagyny* depýän öküz ýaly özüňe zyýan ýetirýäň“ diýen ses eşitdim. 15 Men oňa: „Agam, sen kim?“ diýdim. Halypamyz maňa: „Men seniň yzarlaýan Isaň. 16 Ýeriňden tur, seni gulluk etmäge saýladym. Sen men hakda we görüp-eşidenleriň hakda wagyz etmelisiň+. 17 Men seni ýehudylaryň we başga halklaryň arasyna iberýärin+. Seni olaryň elinden halas ederin. 18 Men olaryň gözleriniň açylmagy+, garaňkylykdan+ ýagtylyga çykmagy+ we Şeýtanyň golastyndan azat bolup+, Hudaýa dolanmaklary üçin seni iberýärin. Şeýlelikde, maňa iman edenleriň günäleri bagyşlanar+ we mukaddesler bilen bile mirasa eýe bolarlar“ diýdi.
-