24 Isa olara: «Jaýdan çykyň, gyzjagaz ölenok, uklap ýatyr»+ diýdi. Şonda adamlar ony ýaňsylap, üstünden gülüp başladylar. 25 Märeke daşaryk çykan badyna, Isa öýe girdi. Ol gyzjagazyň elinden tutdy welin+, ol ýerinden turdy+.
14 tabyda elini degirdi, göterip barýanlar hem durdular. Isa: «Ýaş ýigit, saňa diýýärin, ýeriňden tur!»+ diýdi. 15 Oglan ýerinden turup, gepläp başlady. Isa hem oglany ejesine tabşyrdy+.
43 Soňra batly ses bilen: «Lazar, daşaryk çyk!»+ diýdi. 44 Şonda el-aýagy kepene dolangy, ýüzüne ýaglyk daňylgy merhum mazardan çykdy. Isa adamlara: «Kepenini aýryň, arkaýyn ýöresin» diýdi.