-
Resullar 10:10—16Mukaddes Kitap
-
-
10 Ol gaty ajykdy, nahar iýesi geldi. Nahar bişirip ýörkäler, Petrus görnüş gördi+. 11 Ol görnüşde gögüň açylyp, uly saçaga meňzeş bir zadyň dört burçundan tutulyp ýere sallanyp gelýänini gördi. 12 Saçakda her dürli haýwanlar, süýrenijiler we guşlar bardy. 13 Perişde: «Petrus, tur, olary soýup iý!» diýdi. 14 Petrus: «Ýok, agam! Hapa we haram zatlary ömrümde iýen däldirin»+ diýdi. 15 Perişde ikinji gezek: «Hudaýyň halal hasaplaýan zatlaryna haram diýme» diýdi. 16 Perişde üçünji gezek hem şol sözleri aýtdy, soňra saçak derrew göge galdy.
-