23 Şol wagt sinagogada jynly adam bardy. Ol gygyryp: 24 «Eý nazaretli Isa, biziň bilen näme işiň bar?+ Bizi ýok etmäge geldiňmi? Men bilýän, sen Hudaýyň Mukaddesi!»+ diýdi.
41 Adamlaryň içinden çykýan jynlar: «Sen Hudaýyň Ogly»+ diýip gygyrýardylar. Isa bolsa käýäp, olara geplemäge rugsat bermeýärdi+, sebäbi olar Isanyň Mesihdigini bilýärdi+.