15 Halypamyz: «Bar, ol meniň saýlan gulum*+. Ol başga halklara+, patyşalara+ we Ysraýyl ogullaryna men hakda wagyz eder. 16 Ol meniň adym sebäpli köp görgüler görer»+ diýdi.
4 Biz bolsa şägirtleri gözläp tapdyk we olaryň ýanynda ýedi gün bolduk. Doganlar mukaddes ruh arkaly Pawlusa Iýerusalime gitmezligi gaýta-gaýta aýtdylar+.
11 Ol gelip, Pawlusyň guşagyny aldy-da, el-aýagyny daňyp: «Mukaddes ruh şeýle diýýär: „Iýerusalimde ýehudylar guşagyň eýesini şeýdip daňarlar+ we başga halklaryň eline tabşyrarlar“»+ diýdi.