25 Mesihiň ýygnagy söýüp, janyny gurban berişi ýaly+, ärler, siz hem aýalyňyzy elmydama söýüň!+26 Mesih ýygnagy mukaddes etmek üçin, suw bilen, ýagny Hudaýyň sözi bilen ýuwup päk etdi+.
13 Doganlar, Ýehowa* sizi söýýär. Biz siziň üçin hemişe minnetdar bolmaga borçludyrys. Hudaý sizi halas etmek üçin öňden bäri saýlap+, hakykata iman edendigiňiz üçin ruhy bilen mukaddes etdi+.