19 Siz bedeniňiziň mukaddes ruhuň ybadathanasydygyny bilmeýärsiňizmi?+ Siz şol ruhy Hudaýdan aldyňyz+. Onsoňam, siz Hudaýa degişlisiňiz+, 20 sebäbi Hudaý töleg töläp, sizi satyn aldy+. Şonuň üçin indi bütin bedeniňiz+ bilen Hudaýy şöhratlandyryň+.
18 Bilip goýuň, sizi ata-babalaryňyzdan galan biderek ýaşaýyşdan altyn-kümüş ýaly çüýreýän zatlar halas edip bilmedi*+. 19 Emma siz ýazyksyz we şikessiz guzynyň+, ýagny Mesihiň+ gymmatly gany bilen halas bolduňyz+.