16Pawlus Derbä, soňra Listra şäherine geldi+. Şol şäherde Timoteos+ atly şägirt bardy. Onuň ejesi Isa iman edýän ýehudydy, emma kakasy grekdi. 2 Timoteosyň Listradaky we Ikoniýadaky doganlaryň arasynda gowy abraýy bardy.
19 Halypamyz Isa islese, men tizden ýanyňyza Timoteosy+ ibererin. Ol sizden habar getirse, men ruhlanaryn. 20 Timoteos ýaly ýürekden aladaňyzy etjek adam ýokdur.