8 Mukaddesleriň iň kiçisi+ bolan maňa-da ýagşylyk edildi+. Şonuň üçin men halklara Mesihiň gözýetmez baýlygy hakdaky hoş habary wagyz etmeli. 9 Şeýle-de men adamlara Hudaýyň mukaddes syrynyň+ ýerine ýetişini düşündirmeli. Ähli zady ýaradan Hudaý syry asyrlarboýy gizlin saklapdy.