6 Emma Isa beýleki ruhanylara garanyňda, has ajaýyp gulluga bellendi, sebäbi ol has gowy ähtiň+ araçysydyr+. Ol äht öňküden hem has gowy wadalara esaslanýandyr+.
15 Şonuň üçin hem Mesih täze ähtiň araçysy boldy+. Ol köne ähtiň golastyndaky adamlar üçin ölüp, günäden azat etmek üçin töleg* töledi+. Şeýlelikde, çagyrylanlar wada edilen ebedi mirasy alyp bilýärler+.