-
2 Musa 12:21—23Mukaddes Kitap
-
-
21 Musa derrew ysraýyl ýaşulularyny çagyryp+, şeýle diýdi: «Heriňiz öz maşgalaňyz üçin guzy ýa owlak alyň-da, Pasha gurbanlygyny soýuň. 22 Guzynyň ganyndan legene guýuň-da, bir desse issop otuny* gana batyryp, gapyňyzyň ýokarsyna we ikiýan söýesine çalyň. Irdene çenli hiç kim öýünden çykmasyn. 23 Ýehowa müsürlilere jeza berende, gapyňyzyň ýokarsyna we ikiýan söýesine çalnan gany görer. Şonda Ýehowa siziň gapyňyzdan sowlup geçer, ölüm belasy içeriňize girmez+.
-