3 Halypamyz Isa Mesihiň Hudaýyna we Atasyna şöhrat bolsun! Biz Hudaýyň beýik ýagşylygy bilen täzeden doguldyk+ we Isa Mesihiň direlmegi+ bilen berk umyda eýe bolduk+. 4 Hudaý çüýremez, arassa we solmaz mirasy wada berýär+, ol siziň üçin gökde saklanýar+.
2 Eziz doganlarym, biz häzir Hudaýyň çagalary+, emma gelejekde nähili boljakdygymyz+ heniz äşgär bolmady. Ýöne ol äşgär bolanda, bizem onuň ýaly bolarys, sebäbi onuň nähilidigini göreris.
6 Birinji direlişde direljekler+ bagtlydyr we mukaddesdir, ikinji ölüm+ olara zyýan ýetirip bilmez*+. Olar Hudaýyň, Mesihiň ruhanylary bolarlar+ we 1 000 ýyl patyşa bolup höküm sürerler+.