23 Hudaý* ähli ynsanlary, haýwanlary, süýrenijileri we asmanda uçýan jandarlary ýer ýüzünden ýok edip taşlady. Olaryň bary heläk boldy+, diňe Nuh we onuň bilen gämä girenler halas boldy+.
38 Tupandan öň, Nuhuň gämä giren gününe çenli+ adamlar iýip-içip, öýlenip, durmuşa çykýardylar. 39 Tupan turup, adamlaryň ählisini ýok edýänçä+, olar hiç zada üns bermediler. Ynsan ogly gelende-de* şeýle bolar.