Zebur
Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawudyň aýdymy.
68 Goý, Hudaý aýaga galsyn, duşmanlary dargasyn.
Allany ýigrenýänleriň hemmesi gaçyp gitsin+.
2 Erbetler bug ýaly zym-zyýat bolsunlar.
Mumuň* otda ereýşi ýaly,
Olar hem Hudaýyň huzurynda ýok bolsunlar+.
4 Hudaýa aýdym aýdyň, adyna alkyş aýdyň+,
Çölleri söküp* geleni wasp ediň,
Onuň ady Ýahdyr*+, elleriniň işine şatlanyň!
Gopbamsylar bolsa çölde ýaşar+.
7 Ýa Alla, halkyňa baş bolanyňda+,
Çölde ýol görkezeniňde, (Sela)
9 Eý Hudaý, sen ýagmyr ýagdyrdyň,
Tapdan düşen halkyňa* güýç-kuwwat berdiň.
10 Eý Hudaý, sen olary çadyryňda ýaşatdyň+,
Ýagşylyk edip, garyplara ýardam berdiň.
12 Patyşalar goşuny bilen yzyna seretmän gaçýarlar+,
Öýünde oturan aýallar oljadan paý alýarlar+.
14 Gudratygüýçli patyşalary derbi-dagyn edende+,
Zalmon dagyna gar ýagdy.
15 Başan+ dagy Hudaýyň dagydyr,
Başan dagy iň beýik dagdyr.
16 Eý beýik daglar,
Hudaýyň saýlan dagyna+ näme üçin göriplik edýärsiňiz?
Ýehowa ol ýerde ebedi ýaşar!+
17 Hudaýyň söweş arabalary sansyz-sajaksyzdyr!*+
Ýehowa Sinaý dagyndan mukaddes mekanyna geldi+.
Ýesirleri özüň bilen alyp gitdiň.
Hudaýymyz Ýah, sen adamlary,
Hatda kesir adamlary+ sylag* hökmünde kabul etdiň+.
Sen olaryň arasynda ýaşadyň.
19 Halasgärimiz hak Hudaý Ýehowa alkyş bolsun!
Ol her gün ýükümizi göterýär+. (Sela)
21 Hudaý duşmanlaryň kellesini,
Günä edýäniň başyny owradar+.
22 Ýehowa diýýär: «Olary Başandan+ yzyna getirerin,
Deňziň düýbünden çekip çykararyn.
23 Duşmanyň gany aýagyňyzy ýuwar+,
Itler olaryň ganyny ýalar».
24 Ýa Alla, adamlar dabaraly ýörişiňi görýärler.
Patyşamyň mukaddes mekanyna barşyny görýärler+.
25 Öňüňde aýdym aýdýarlar,
Yzyňda kirişli saz gurallaryny çalýarlar+,
Ortada gyzlar deprek kakýarlar+.
27 Iň kiçisi Benýamin+,
Töwerek-daşy märekeli Ýahuda hanlary,
Zebulunyň we Naftalynyň begleri halklary tabyn edýär.
28 Hudaý güýçli millet boljagyňyzy yglan etdi.
Eý arkadaýanjymyz, Allamyz, gudratyňy görkez!+
Söweşmegi halaýanlary dumly-duşa dargat.
32 Ýer ýüzüniň patyşalyklary, Hudaýa aýdym aýdyň!+
Ýehowany wasp edip, aýdym aýdyň! (Sela)
33 Ol gadymy gökleri böwsüp gelýär+.
Serediň, ol batly hem güýçli ses bilen gygyrýar.
34 Hudaýyň gudratlydygyny boýun alyň+.
Ol Ysraýylyň üstünden höküm sürýär,
Asman güýç-kuwwatyny görkezýär.
35 Mukaddes mekanda oturan Hudaý haýbatlydyr+.
Ysraýylyň gudratly Hudaýy,
Halkyna güýç-kuwwat berýändir+.
Hudaýa şöhrat bolsun!