Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 1 Şamuwel 10
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

1 Şamuwel kitabynyň mazmuny

      • Şawulyň patyşa bellenmegi (1—16)

      • Şawul halkyň öňünde (17—27)

1 Şamuwel 10:1

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: mirasyna.

Parallel aýatlar

  • +1Şm 16:13; 2Pa 9:2, 3
  • +2Ms 19:5; 5Ms 32:9
  • +1Şm 9:16; Res 13:21

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Iman», sah. 73

1 Şamuwel 10:2

Parallel aýatlar

  • +1Ms 35:19
  • +1Şm 9:3, 5

1 Şamuwel 10:3

Parallel aýatlar

  • +1Ms 28:19, 22

1 Şamuwel 10:5

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

  • *

    Arfanyň bir görnüşi.

1 Şamuwel 10:6

Parallel aýatlar

  • +4Ms 11:25
  • +1Şm 10:10

1 Şamuwel 10:8

Parallel aýatlar

  • +1Şm 7:15, 16; 11:14

1 Şamuwel 10:9

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: ýüregini.

1 Şamuwel 10:10

Parallel aýatlar

  • +Ser 14:5, 6; 1Şm 11:6; 16:13
  • +1Şm 10:6; 19:23

1 Şamuwel 10:12

Parallel aýatlar

  • +1Şm 19:24

1 Şamuwel 10:14

Çykgytlar

  • *

    Şawulyň kakasynyň dogany göz öňünde tutulýar.

Parallel aýatlar

  • +1Şm 9:3

1 Şamuwel 10:17

Parallel aýatlar

  • +1Şm 7:5

1 Şamuwel 10:18

Parallel aýatlar

  • +2Ms 13:14; 5Ms 4:34

1 Şamuwel 10:19

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: müňlerine.

Parallel aýatlar

  • +1Şm 8:7; 12:12

1 Şamuwel 10:20

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 7:16—18; Res 1:24
  • +1Şm 9:21

1 Şamuwel 10:21

Parallel aýatlar

  • +Res 13:21

1 Şamuwel 10:22

Parallel aýatlar

  • +Ser 1:1; 20:18, 28; 1Şm 23:2

1 Şamuwel 10:23

Parallel aýatlar

  • +1Şm 9:2

1 Şamuwel 10:24

Parallel aýatlar

  • +5Ms 17:14, 15; 1Şm 9:17

1 Şamuwel 10:25

Parallel aýatlar

  • +1Şm 8:11—18

1 Şamuwel 10:26

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/12/2015, sah. 10

1 Şamuwel 10:27

Parallel aýatlar

  • +1Şm 11:12
  • +1Pa 10:1, 10; 2Tr 17:5

Umumy salgylar

1 Şam. 10:11Şm 16:13; 2Pa 9:2, 3
1 Şam. 10:12Ms 19:5; 5Ms 32:9
1 Şam. 10:11Şm 9:16; Res 13:21
1 Şam. 10:21Ms 35:19
1 Şam. 10:21Şm 9:3, 5
1 Şam. 10:31Ms 28:19, 22
1 Şam. 10:64Ms 11:25
1 Şam. 10:61Şm 10:10
1 Şam. 10:81Şm 7:15, 16; 11:14
1 Şam. 10:10Ser 14:5, 6; 1Şm 11:6; 16:13
1 Şam. 10:101Şm 10:6; 19:23
1 Şam. 10:121Şm 19:24
1 Şam. 10:141Şm 9:3
1 Şam. 10:171Şm 7:5
1 Şam. 10:182Ms 13:14; 5Ms 4:34
1 Şam. 10:191Şm 8:7; 12:12
1 Şam. 10:20Ýuş 7:16—18; Res 1:24
1 Şam. 10:201Şm 9:21
1 Şam. 10:21Res 13:21
1 Şam. 10:22Ser 1:1; 20:18, 28; 1Şm 23:2
1 Şam. 10:231Şm 9:2
1 Şam. 10:245Ms 17:14, 15; 1Şm 9:17
1 Şam. 10:251Şm 8:11—18
1 Şam. 10:271Şm 11:12
1 Şam. 10:271Pa 10:1, 10; 2Tr 17:5
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
Mukaddes Kitap
1 Şamuwel 10:1—27

1 Şamuwel

10 Şamuwel ýagly gaby alyp, Şawulyň başyna ýag guýdy+. Ol Şawulyň ýaňagyndan ogşap: «Ine, Ýehowa seni halkyna*+ baştutan belledi+. 2 Şu gün yzyňa gaýdyp barýarkaň, Benýamin topragyndaky Zelzada, Raheliň mazarynyň golaýynda+ iki adama duşarsyň. Olar saňa: „Gözläp ýören eşekleriň tapyldy. Kakaň indi eşekleri+ däl-de, sizi alada edip başlady. Ol: „Oglum henizem gelenok, nätsemkäm?“ diýip otyr“ diýerler. 3 Tabordaky beýik agaja ýeteniňde, hak Hudaýa sežde etmek üçin Beýtele+ barýan üç adama duşarsyň. Olaryň birinde üç owlak, beýlekisinde üç çörek, birinde bolsa uly küýze şerap bardyr. 4 Olar hal-ýagdaýyňy sorap, iki çörek bererler. Çörekleri hökman algyn. 5 Soňra hak Hudaýyň baýryna bararsyň, şol ýerde piliştlileriň goşun bölümi bardyr. Şähere gireniňde bolsa, seždegähden* düşüp gelýän pygamberleri görersiň. Olar pygamberlik edýärkä, öňlerinde çeň* saz guralynda, deprekde, gargy tüýdükde, arfada saz çalarlar. 6 Şonda üstüňe Ýehowanyň ruhy inip+, senem pygamberlik edip başlarsyň we özüňi başga adam+ ýaly alyp bararsyň. 7 Aýdan zatlarym berjaý bolanda, eliňde baryny et, sebäbi hak Hudaý seniň bilendir. 8 Sen öňümden Gilgala+ bar, menem ýakma we parahatlyk gurbanlyklary bermek üçin ýanyňa bararyn. Barýançam, ýedi gün garaşmaly bolarsyň. Şondan soň näme etmelidigiňi aýdaryn» diýdi.

9 Şawul Şamuwel bilen hoşlaşyp, yzyna öwrülen badyna, Hudaý Şawulyň içki dünýäsini* üýtgedip başlady. Şol gün aýdylan zatlaryň bary berjaý boldy. 10 Baýra tarap barýarkalar, Şawul birgiden pygambere duşdy. Şonda üstüne Hudaýyň ruhy inip+, ol hem pygamberlik edip başlady+. 11 Şawuly tanaýan adamlar beýlekiler bilen pygamberlik edýänini görüp: «Kişiň ogluna näme bolduka? Şawulam pygamber bolupdyrmy?» diýişdiler. 12 Şol ýerdäkileriň biri: «Olaryň atasy hem pygamber däldi» diýdi. Şeýdip, «Şawulam pygamber bolupdyrmy?»+ diýen gürrüň il arasyna ýaýrady.

13 Şawul pygamberlik edip bolansoň, seždegähe gitdi. 14 Biraz wagtdan Şawulyň agasy* ondan we hyzmatkärinden: «Nirä gitdiňiz?» diýip sorady. Şawul: «Eşekleri gözledik+, tapyp bilmän, Şamuweliň ýanyna bardyk» diýdi. 15 Şonda agasy: «Aýtsana, Şamuwel näme diýdi?» diýip sorady. 16 Şawul: «Ol eşekleriň tapylandygyny aýtdy» diýdi. Ýöne Şamuweliň patyşalyk hakda aýdanlaryny gürrüň bermedi.

17 Soňra Şamuwel halky Mispa, Ýehowanyň huzuryna ýygnap+: 18 «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Men ysraýyllary Müsürden çykaran Hudaýdyryn. Sizi müsürlileriň+, zalym patyşalaryň elinden halas etdim. 19 Siz bolsa azaplaryňyzdan, jebir-jepalaryňyzdan dyndyran Halasgär Hudaýyňyzdan ýüz öwrüp+: „Näme bolsa, şo bolsun, üstümizden patyşa belle“ diýdiňiz. Hany, her kim Ýehowanyň huzurynda taýpasyna we tiresine* görä dursun“» diýdi.

20 Şamuwel ysraýyl taýpalaryny gezekli-gezegine ýanyna çagyrdy+. Şonda benýamin taýpasy saýlandy+. 21 Şamuwel benýamin taýpasyny maşgalalary boýunça çagyrdy, matarlaryň maşgalasy saýlandy. Ahyrynda Kişiň ogly Şawul saýlandy+. Ýöne Şawuly näçe gözleseler-de, hiç ýerden tapmadylar. 22 Olar Ýehowadan: «Ol heniz gelmedimi?» diýip soradylar+. Ýehowa hem: «Hanha, goş-golamlaryň arasynda gizlenip otyr» diýdi. 23 Adamlar ylgap, Şawuly getirdiler. Şawul halkyň arasynda duranda, hemmelerden uzyndy, beýlekiler zordan egnine ýetýärdi+. 24 Şamuwel: «Ýehowanyň kimi saýlanyny görýäňizmi?+ Halkyň içinde oňa taý geljek barmy?!» diýdi. Şonda adamlar: «Ýaşasyn patyşa!» diýip gygyryşdylar.

25 Şamuwel halka patyşanyň hukugyny düşündirip+, kitaba ýazdy-da, Ýehowanyň çadyrynda goýdy. Soňra halky öýli-öýüne iberdi. 26 Şawul hem Gibeýa öýüne gaýtdy. Batyrgaý ýigitleriň käbiri Şawul bilen gitdi, sebäbi şeýle islegi olaryň ýüregine Ýehowa guýupdy. 27 Päliýaman adamlar bolsa: «Ol bizi nädip halas etsin-aý?!»+ diýip, Şawuly äsgermezçilik etdiler, sowgat-serpaý hem bermediler+. Emma Şawul sesini çykarmady.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş