Işaýa
Goý, baýramlaryňyz+ baýramlara ulaşyp,
Ýylyň ýylyna dowam edibersin.
4 Seni peselderin,
Ýatan ýeriňden geplärsiň.
Guma bulaşyp ýatansoň, sesiň zordan eşidiler.
Ýatan ýeriňden geplärsiň+,
Jadygöýler ýaly düşnüksiz sözlärsiň,
Guma bulaşansoň, sesiň zordan eşidiler.
Aýdanlarym derrew, duýdansyz ýerine ýeter+.
6 Serkerdebaşy Ýehowa saňa nazar salar,
Şonda gök gürlär, ýer titrär, goh-galmagal turar,
Apy-tupan, harasat gopar, ot lowlap ýanar»+.
7 Arygele garşy söweşmek üçin ýygnanan milletler+,
Onuň bilen söweşýänler,
Gabaw diňlerini dikýänler,
Oňa zulum-sütem edýänler,
Düýş kimin, görnüş* kimin gaýyp bolar.
8 Aç adam düýşünde nahar iýse-de,
Oýananda ajygyp turýandyr.
Teşne adam düýşünde suw içse-de,
Oýananda suwsap, ysgynsyz turýandyr.
Sion dagyna garşy söweşýän ähli milletleriň ýagdaýy-da,
Edil şonuň ýaly bolar+.
Olar şerap içmese-de, serhoş bolýarlar,
Çakyr içmese-de, yraň atýarlar.
11 Her bir görnüş siziň üçin möhürli golýazma+ ýaly bolar, ony okap bilýän adama berip: «Sesli okap beräý!» diýerler. Emma ol: «Nädip okaýyn? Ol möhürli ahyryn!» diýip jogap berer. 12 Soňra okap bilmeýän adama golýazmany berip: «Okap beräý!» diýerler. Ol hem: «Men okap bilmeýän ahyryn» diýer.
13 Ýehowa şeýle diýýär: «Halk agzy bilen maňa alkyş aýdýar,
Diňe dilinde maňa hormat goýýar+,
Emma ýüregi menden uzakdadyr.
Olar Hudaýdan gorkýarys diýseler-de,
Ynsan tabşyryklaryny berjaý edýärler+.
14 Şonuň üçin halkyň öňünde ýene-de täsin işleri ederin+,
Gaýta-gaýta geň-enaýy işleri ederin.
Danalaryň akyldarlygy,
Paýhasly adamyň düşünjesi puç bolar»+.
15 Niýetini Ýehowadan gizlemäge jan edýänleriň waý halyna!+
Olar garaňkylykda erbetlik edip:
«Kim bizi görer?
Kim bizi tanar?» diýýärler+.
16 Siz şeýle bir azgyn halk!
Heý-de, toýun küýzegär bilen deň bolup bilermi?+
Ýasalan zat özüni ýasan hakda:
«Ol meni ýasamady» diýermi?+
Şekil berlen zat özüne şekil beren hakda:
«Onuň düşünjesi ýok!» diýermi?+
19 Ýumşak adamlar Ýehowanyň işlerine begener,
Garyplar Ysraýylyň Mukaddes Hudaýynyň işine şatlanar+.
20 Zalymlar ýok bolar,
Öwünjeňler heläk bolar.
Erbetligiň ugrunda gezýänler ýok ediler+.
21 Başgalara gara ýöňkeýänler,
22 Şol sebäpli Ybraýymy halas eden Ýehowa+ Ýakup öýüne şeýle diýýär:
23 Ýakubyň çagalary ellerimiň işidir.
Ol çagalarynyň daşyna üýşendigini görer+,
Şonda olar bilelikde meniň adymy wasp ederler.
Ýakubyň Mukaddes Hudaýyny şöhratlandyrarlar,
Ysraýylyň Hudaýyna hormat goýarlar+.
24 Ýoldan azaşanlar düşünje gazanarlar,
Nägile bolanlar öwüt-ündewe eýererler».