Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ýakup 4
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Ýakup kitabynyň mazmuny

      • Dünýäniň dosty bolmaň (1—12)

        • Iblise garşy duruň (7)

        • Hudaýa ýakynlaşyň (8)

      • Tekepbir bolmaň (13—17)

        • «Ýehowa halasa» (15)

Ýakup 4:1

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: Beden agzalaryňyzyň.

Parallel aýatlar

  • +Rim 7:23; Gal 5:17; Ýak 3:14; 1Pe 2:11

Ýakup 4:2

Parallel aýatlar

  • +Mat 5:22; Ýak 3:16

Ýakup 4:4

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: zynahorlar.

Parallel aýatlar

  • +2Tr 19:2; Ýah 15:19; 17:14; 18:36; 1Ýh 2:15; 5:19

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Ebedi ýaşaň!», sap. 48

Ýakup 4:5

Parallel aýatlar

  • +1Ms 6:5; 8:21

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/11/2008, sah. 20

Ýakup 4:6

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +Zb 138:6
  • +Nak 3:34; 1Pe 5:5

Ýakup 4:7

Parallel aýatlar

  • +Ýew 12:9; 1Pe 2:17; 5:6
  • +Efs 4:27; 6:11
  • +Mat 4:10, 11; Luk 4:13

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Ebedi ýaşaň!», sap. 24

    «Garawul diňi»,

    15/11/2008, sah. 27—31

    15/1/2006, sah. 30

Ýakup 4:8

Parallel aýatlar

  • +Işa 44:22; 55:6, 7
  • +Işa 1:16
  • +1Ýh 3:3

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Ebedi ýaşaň!», sap. 4

    «Gurama», sah. 169

    «Garawul diňi»,

    15/6/2015, sah. 14

    15/4/2015, sah. 19—23

    «Ýaşlaryň sowallary, II tom», sah. 290

Ýakup 4:9

Parallel aýatlar

  • +Ýow 2:12

Ýakup 4:10

Çykgytlar

  • *

    Goşmaça maglumata serediň: A5.

Parallel aýatlar

  • +2Tr 7:14; 33:12, 13
  • +Nak 29:23; Mat 23:12

Ýakup 4:11

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: höküm çykarýan.

Parallel aýatlar

  • +3Ms 19:16; Nak 17:9

Ýakup 4:12

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: höküm eder.

Parallel aýatlar

  • +Işa 33:22
  • +Mat 10:28
  • +Mat 7:1; Luk 6:37; Rim 14:4

Ýakup 4:13

Parallel aýatlar

  • +Luk 12:18—20

Ýakup 4:14

Parallel aýatlar

  • +Zb 39:6; Nak 27:1; Nes 6:12
  • +Eýp 14:1, 2; Zb 102:3; 1Pe 1:24

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby», sah. 158

    «Garawul diňi (Köpçülik üçin)»,

    No. 3 2021 sah. 11

Ýakup 4:15

Çykgytlar

  • *

    Goşmaça maglumata serediň: A5.

Parallel aýatlar

  • +Res 18:21; Ýew 6:3

Ýakup 4:17

Parallel aýatlar

  • +Luk 12:47; Ýah 9:41; 15:22

Umumy salgylar

Ýak. 4:1Rim 7:23; Gal 5:17; Ýak 3:14; 1Pe 2:11
Ýak. 4:2Mat 5:22; Ýak 3:16
Ýak. 4:42Tr 19:2; Ýah 15:19; 17:14; 18:36; 1Ýh 2:15; 5:19
Ýak. 4:51Ms 6:5; 8:21
Ýak. 4:6Zb 138:6
Ýak. 4:6Nak 3:34; 1Pe 5:5
Ýak. 4:7Ýew 12:9; 1Pe 2:17; 5:6
Ýak. 4:7Efs 4:27; 6:11
Ýak. 4:7Mat 4:10, 11; Luk 4:13
Ýak. 4:8Işa 44:22; 55:6, 7
Ýak. 4:8Işa 1:16
Ýak. 4:81Ýh 3:3
Ýak. 4:9Ýow 2:12
Ýak. 4:102Tr 7:14; 33:12, 13
Ýak. 4:10Nak 29:23; Mat 23:12
Ýak. 4:113Ms 19:16; Nak 17:9
Ýak. 4:12Işa 33:22
Ýak. 4:12Mat 10:28
Ýak. 4:12Mat 7:1; Luk 6:37; Rim 14:4
Ýak. 4:13Luk 12:18—20
Ýak. 4:14Zb 39:6; Nak 27:1; Nes 6:12
Ýak. 4:14Eýp 14:1, 2; Zb 102:3; 1Pe 1:24
Ýak. 4:15Res 18:21; Ýew 6:3
Ýak. 4:17Luk 12:47; Ýah 9:41; 15:22
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
Mukaddes Kitap
Ýakup 4:1—17

Ýakubyň haty

4 Siziň araňyzda näme üçin uruş we dawa⁠-⁠jenjel turýar? Ten* höwesleri sebäpli dälmi?+ 2 Siz näçe arzuw etseňiz⁠-⁠de, arzuwyňyza ýetip bilmeýärsiňiz. Siz ýigrenýärsiňiz, göriplik edýärsiňiz, ýöne maksadyňyza ýetmeýärsiňiz. Siz sögüşip, bir⁠-⁠biriňiz bilen uruşýarsyňyz+. Alladan dilemeýändigiňiz üçin hiç zat alyp bilmeýärsiňiz. 3 Siz näçe dileseňiz⁠-⁠de, alyp bilmersiňiz, sebäbi ten höwesleriňizi kanagatlandyrjak bolup, ýaman niýet bilen dileýärsiňiz.

4 Eý biwepalar*, siz dünýä bilen dostlaşyp, Hudaýyň duşmany bolýandygyňyzy bilmeýärsiňizmi? Dünýäniň dosty bolmak isleýän adam Hudaýyň duşmany bolýar+. 5 Eýsem: «Içimizde mesgen tutan göriplik elmydama bir zatlar isleýär»+ diýen sözler ýöne ýere ýazyldymy? 6 Emma Hudaýyň ýagşylygy* has uludyr, sebäbi: «Hudaý tekepbirlere garşy çykýar+, pesgöwünlilere bolsa ýagşylyk edýär»+ diýip ýazylgy.

7 Şeýlelikde, Hudaýa tabyn boluň+, Iblise garşy duruň+, şonda ol sizden gaçar+. 8 Hudaýa ýakynlaşyň, ol hem size ýakynlaşar+. Eý günäkärler+, elleriňizi arassalaň! Eý ikigöwünliler, ýürekleriňizi tämizläň!+ 9 Gynanyň, hasrat çekiň we dady⁠-⁠perýat ediň+. Goý, siziň gülkiňiz hasrata, şatlygyňyz gam⁠-⁠gussa öwrülsin. 10 Ýehowanyň* öňünde pesgöwünli boluň+, şonda sizi beýgelder+.

11 Doganlar, indi biri⁠-⁠biriňizi ýamanlamaň+. Doganyny ýamanlaýan ýa⁠-⁠da ýazgarýan* adam kanuna garşy çykýandyr, kanuny ýazgarýandyr. Eger kanuny ýazgarýan bolsaňyz, kanuny berjaý edýän däl⁠-⁠de, kazy bolarsyňyz. 12 Emma ýeke⁠-⁠täk Kanun çykaryjy we Kazy bar+. Adamlary halas edýän⁠-⁠de, ýok edýän⁠-⁠de Oldur+. Eýsem ýakynyňy ýazgarar* ýaly sen kim?+

13 Siziň käbiriňiz: «Şu gün ýa ertir pylan şähere gidip, bir ýyllap söwda⁠-⁠satyk ederis, pul gazanarys» diýýärsiňiz+. 14 Emma siz ertir näme boljakdygyny bilmeýärsiňiz+, sebäbi siziň ýaşaýşyňyz ümür ýaly. Siz biraz wagtlyk peýda bolup, soňra ýitip gidýärsiňiz+. 15 Emma siz: «Ýehowa* halasa+, başymyz dik bolsa, ony ederis, muny ederis» diýmeli. 16 Siz bolsa öwnüp, tekepbirlik edýärsiňiz. Öwünjeňlik erbet zatdyr. 17 Şonuň üçin nämäniň dogrudygyny bilip⁠-⁠de, etmeýän adam günä edýändir+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş