Amos
5 «Eý Ysraýyl öýi, siziň üçin aýdýan agymy* diňläň:
2 „Ysraýyl gyzy ýykyldy,
Indi ýerinden galyp bilmez.
Ony ýurdunda taşlap gitdiler,
Ýerinden galdyrjak tapylmaz“.
3 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär:
„Ysraýyl öýüniň üstüne betbagtçylyk iner.
Şäherden söweşe müň adam çykar,
Ýöne ýüz adam aman galar.
Söweşe ýüz adam çykar, emma on adam aman galar“+.
4 Ýehowa Ysraýyl öýüne şeýle diýýär:
„Maňa dolanyň, halas bolarsyňyz+.
6 Ýehowa dolanyň, halas bolarsyňyz+.
Ýogsam ol Ýusup öýüni ýakyp kül eder.
Beýteli ýandyrar, söndüren bolmaz.
7 Siz adalatsyzlyk edip,
Halkyň durmuşyny ýowşan ýaly ajy etdiňiz.
Adalaty aýak astynda basgyladyňyz+.
8 Ol Ülker ýyldyzyny*, Üç Ýyldyzy* ýaratdy+.
Ol tümlügi ýagtylyga öwürýär,
Gündizi gije kimin garaňky edýär+.
Deňziň suwlaryny ýygnap,
Ýer ýüzüne çabga ýagdyrýar+.
Onuň ady Ýehowadyr.
9 Ol pälwany göz açyp-ýumasy salymda ýok eder,
Galanyň üstüne betbagtçylyk inderer.
10 Siz şäher derwezesinde käýinç berýänleri,
Hakykaty aýdýanlary ýigrenýärsiňiz+.
11 Siz garyba salgyt salýarsyňyz,
Bergisi üçin hasylyny elinden alýarsyňyz+.
Şonuň üçin oýma daşdan guran jaýyňyzda ýaşamarsyňyz+.
Eken saýlama üzümiňizden şerap içmersiňiz+.
12 Siz ençeme gezek gozgalaň turuzdyňyz,
Agyr günäleri etdiňiz.
Siz dogruçyl adama köp azar berdiňiz, para aldyňyz,
Şäher derwezesinde garyba adalatsyzlyk etdiňiz+.
Men ähli eden zatlaryňyzy bilýärin.
13 Şonuň üçin heläkçilik döwri geler+,
Şol döwürde düşünjeli adam dymar.
Belki şonda: „Hudaý biziň bilendir!“ diýşiňiz ýaly,
Serkerdebaşy Ýehowa, dogrudan-da, siziň bilen bolar+.
Belki, şonda Serkerdebaşy Ýehowa
Ýusup öýüniň aman galanlaryna rehim eder“+.
16 Ýehowa, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär:
„Ähli adamlar şäher meýdançalarynda* aglarlar.
Ähli köçelerde: „Waý halymyza!“ diýerler.
Daýhanlary matam tutmaga,
Agyçylary agy aýtmaga çagyrarlar“.
17 „Her bir üzümçilikde ýas tutarlar+,
Sebäbi men size jeza bermek üçin araňyzdan geçerin“.
Muny Ýehowa aýdýar.
18 „Ýehowanyň gününi küýseýänleriň waý halyna!+
Ýehowanyň gününde size näme bolar?+
Ol gün garaňkylyk we tümlük bolar+.
19 Ýolbarsdan gaçyp, aýa duşan adamyň,
Öýüne girip, diwara söýenende ýylan çakan adamyň ýagdaýy nähili bolsa, ol gün hem şeýle aýylganç bolar.
20 Ýehowanyň gününde ýagtylyk däl-de, garaňkylyk bolar,
Yşyk däl-de, tümlük bolar.
21 Baýramlaryňyzy ýigrenýärin, olar ýüregimi bulaýar+.
Uly baýramlarda berilýän gurbanlyklary halamaýaryn.
22 Maňa ýakma gurbanlyklaryny we sadakalary berseňiz-de,
Olardan hoşal bolmaryn+.
Parahatlyk gurbanlygy hökmünde beren
Semiz mallaryňyzy kabul etmerin+.
24 Goý, adalat derýa kimin aksyn+,
Dogruçyllyk çeşme kimin şarlap aksyn.
25 Eý Ysraýyl öýi, çölde 40 ýyllap
Maňa gurbanlyklar we sadakalar berdiňizmi näme?+