Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Eýýup 13
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Eýýup kitabynyň mazmuny

      • Eýýup sözüni dowam edýär (1—28)

        • «Men Gudratygüýçli bilen gepleşjek» (3)

        • «Ähliňiz dereksiz lukmansyňyz» (4)

        • «Günäsizdigimi anyk bilýärin» (18)

        • «Meni näme üçin duşmanyň hasaplaýarsyň?» (24)

Eýýup 13:3

Parallel aýatlar

  • +Eýp 23:3, 4; 31:35

Eýýup 13:4

Parallel aýatlar

  • +Eýp 16:2

Eýýup 13:5

Parallel aýatlar

  • +Nak 17:28; Ýak 1:19

Eýýup 13:9

Parallel aýatlar

  • +Zb 139:23; Ýer 17:10

Eýýup 13:10

Parallel aýatlar

  • +Zb 50:20, 21; Ýak 2:9

Eýýup 13:12

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 11/2023, sah. 2

Eýýup 13:14

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: Näme üçin bedenimi dişimde götereýin?

Eýýup 13:15

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: ýollarymy.

Parallel aýatlar

  • +Eýp 19:25; Zb 23:4

Eýýup 13:16

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: imandan dänen.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 15:2; Zb 27:1; Işa 12:2
  • +Eýp 27:8; 36:13; Işa 33:14

Eýýup 13:19

Çykgytlar

  • *

    Başga manysy: Garşyma çyksalar, indi dişim gysyp ölerin!

Eýýup 13:21

Parallel aýatlar

  • +Eýp 9:34, 35; 33:6, 7

Eýýup 13:24

Parallel aýatlar

  • +Zb 10:1; 13:1; 44:24
  • +Eýp 16:9; 19:11; 33:8—11

Eýýup 13:28

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: ol. Eýýup göz öňünde tutulýan bolmaly.

Umumy salgylar

Eýp. 13:3Eýp 23:3, 4; 31:35
Eýp. 13:4Eýp 16:2
Eýp. 13:5Nak 17:28; Ýak 1:19
Eýp. 13:9Zb 139:23; Ýer 17:10
Eýp. 13:10Zb 50:20, 21; Ýak 2:9
Eýp. 13:15Eýp 19:25; Zb 23:4
Eýp. 13:162Ms 15:2; Zb 27:1; Işa 12:2
Eýp. 13:16Eýp 27:8; 36:13; Işa 33:14
Eýp. 13:21Eýp 9:34, 35; 33:6, 7
Eýp. 13:24Zb 10:1; 13:1; 44:24
Eýp. 13:24Eýp 16:9; 19:11; 33:8—11
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
Mukaddes Kitap
Eýýup 13:1—28

Eýýup

13 Men bularyň ählisini gözüm bilen gördüm,

Gulagym bilen eşitdim, göz ýetirdim.

 2 Siziň bilýäniňizi menem bilýärin,

Menem sizden kem däldirin.

 3 Ýöne men Gudratygüýçli bilen gepleşjek,

Hudaýyň öňünde arzymy aýtjak+.

 4 Ýalan söz bilen gara ýöňkeýärsiňiz,

Ähliňiz dereksiz lukmansyňyz+.

 5 Eger siz dymsaňyz,

Has akylly görnersiňiz+.

 6 Meniň delillerimi diňläň,

Ahy⁠-⁠nalama gulak goýuň.

 7 Hudaýyň adyndan töhmet atýarsyňyzmy?

Onuň adyndan ýalan sözleýärsiňizmi?

 8 Kazyýetde hak Hudaýyň tarapyny tutýarsyňyzmy?

Ony aklajak bolýarsyňyzmy?

 9 Ol sizi barlasa, aman galarsyňyzmy?+

Başy ölümli ynsany aldaýşyňyz ýaly,

Ony⁠-⁠da aldap bilersiňizmi?

10 Göz üçin+ Hudaýyň tarapyny tutsaňyz,

Ol size hökman jeza berer.

11 Onuň beýikligini görüp hopugarsyňyz,

Ondan gorkup sandyrarsyňyz.

12 Nakyllaryňyz küle öwrüler,

Delilleriňiz toýun galkan kimin ejizdir.

13 Dymyň, men geplejek,

Soň başyma näme gelse, şol gelsin!

14 Näme üçin janymy otdan alyp, suwa salaýyn?

Näme üçin özümi howp astyna salaýyn?*

15 Hudaý meni öldürse⁠-⁠de, oňa sabyrly garaşaryn+,

Onuň huzurynda özümi* aklaryn.

16 Şonda ol meni halas eder+.

Öňünde hudaýsyz* adam durup bilmez+.

17 Sözümi ünsli diňläň,

Aýdýanlaryma gulak goýuň.

18 Men kazynyň öňünde duraýyn,

Günäsizdigimi anyk bilýärin.

19 Meniň bilen kim jedelleşip biler?

Indi dymsam, men ölerin!*

20 Ýa Allam, senden gizlenip ýörmäýin!

Meniň iki dilegim bar:

21 Agyr eliňi çek menden,

Senden gorkmaýyn, sandyramaýyn+.

22 Sen sora, men⁠-⁠de jogap bereýin,

Ýa⁠-⁠da men soraýyn, sen jogap ber.

23 Meniň ýazygym, günäm näme?

Ýalňyşymy, günämi aýt maňa.

24 Näme üçin ýüzüňi sowýarsyň?+

Meni näme üçin duşmanyň hasaplaýarsyň?+

25 Men şemala tozaýan ýaprak, guran samandyryn.

Meni näme üçin kowalaýarsyň, gorkuzýarsyň?

26 Maňa garşy arz⁠-⁠şikaýat ýygnaýarsyň,

Ýaşlyk ýalňyşyma temmi berýärsiň.

27 Aýagyma gandal salýarsyň,

Ähli ýollarymy barlaýarsyň,

Her bir ädimimi yzarlaýarsyň.

28 Şeýdip, adam* çüýräp gidýär,

Güýe düşen eşik kimin dargaýar.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş