Zebur
Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Kirişli saz gurallary bilen aýtmaly. Maskil*. Dawudyň aýdymy.
2 Ýalbarýaryn, jogap ber+.
Ýüregim ynjalyk tapmaýar+,
Dertden ýaňa näme edýänimi bilmedim.
3 Duşmanlarymyň haýbaty,
Erbetleriň ezýeti, meni tapdan düşürýär.
Başyma bela ýagdyrýarlar,
Ýürekleri ýigrençden doly+.
5 Gorkudan sandyraýaryn,
Bütin süňňüm titreýär.
6 Men diýýärin: «Kepderi deý ganat baglap uçsadym,
Asuda ülkelere gaçyp gitsedim.
7 Uçardym, uzaklara gaçardym+,
Çöl-beýewanlarda mesgen tutardym+. (Sela)
8 Güýçli ýelden, apy-tupandan gaçyp,
Gaçybatalga howlugardym».
10 Gije-gündiz diwarlarda aýlanýarlar,
Şäherde zorluk-sütem möwç urýar+.
11 Şäherde ahy-nala ýaň salýar,
Bazarlarda aldaýarlar, zorluk-sütem edýärler+.
12 Ýagylarym kemsiden bolsady+,
Dişimi gysyp çydardym.
Duşmanlarym çozan bolsady,
Gaçyp gizlenerdim.
14 Biz jana-jan dostduk,
Il-gün bilen Hudaýyň öýüne barardyk.
15 Olaryň kalbynda zalymlyk kök urdy,
16 Men bolsa Hudaýy çagyraryn,
Ýehowa meni halas eder+.
18 Birgiden duşman hüjüm edýär+.
Emma Alla ýagylardan gutaryp, meni asuda ýaşadar.
Hudaýdan gorkmaýanlara+,
Erbet ýolundan dänmeýänlere garşy çykar.
21 Dili ýagdan ýumşakdy+,
Ýüregi ýigrençden doludy.
Sözleri ýag ýaly ýumşakdy,
Dili gylyçdan kesgirdi+.
Ol dogruçyl adamyň ýykylmagyna hiç haçan ýol bermez+.
23 Eý Hudaýym, sen olary gabra inderersiň+,
Ganhorlar, hilegärler orta ýaşda ölerler+.
Men bolsa saňa bil baglaryn.